Russiýa PKK/ÝPG-niň  Türkiýäniň Siriýa serhedindäki etrapçalardan çekilmäge başlandygyny habar berdi

Resmi Moswa sebite goşmaça 276 esger bilen harby enjam ugradar

1294096
Russiýa PKK/ÝPG-niň  Türkiýäniň Siriýa serhedindäki etrapçalardan çekilmäge başlandygyny habar berdi

Russiýa ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň  Türkiýäniň Siriýa serhedindäki etrapçalardan çekilmäge başlandygyny habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin, ÝPG/PKK-nyň Türkiýäniň Siriýa serhedindäki etrapçalardan çekilmäge başlandygyny habar berdi.

Rus RIA habarlar gullugy hem, Goranmak ministrligine esaslanýan habarynda, resmi Moswanyň sebite goşmaça 276 esger bilen harby enjam ugratjakdygyny habar berdi.

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gazanylan ylalaşygyň 5-nji maddasynda 2019-njy ýylyň 23-nji oktýabryndan sagat 12.00-dan başlap, rus esgerleri bilen Siriýanyň serhetýaka goragçylarynyň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çägine degişli bolmadyk zolakda Türkiýe-Siriýa serhediniň Siriýa tarapynda, terror guramasy ÝPG-nyň we ýaraglarynyň  150 sagadyň dowamynda Türkiýe-Siriýa serhedinden 30 kilometre çenli çekilmegi göz öňünde tutulýar

 



Degişli Habarlar