Taliban tarapyndan guralan hüjümde 16 howpsyzlyk işgäri ýogaldy

Talibana garşy operasiýalar dowam edýär

1292667
Taliban tarapyndan guralan hüjümde 16 howpsyzlyk işgäri ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Gunduz welaýatynyň Ali Abýad etrabynda Taliban tarapyndan guralan hüjümde 16 howpsyzlyk işgäri ýogaldy

Içeri işler müdüri Talibana agza onlarça adamyň Ali Abýad etrap merkezine hüjüm gurandygyny nygtady.

Hüjümde howpsyzlyk işgärlerinden 16 adamyň ýogalandygyny nygtan Beşir, çaknyşykda köp sanly Talibanlynyň hem öldürlendigini aýtdy.

Beşir etrapda Talibana garşy operasiýalaryň dowam edýändigini ýatlatdy

 

 

 



Degişli Habarlar