“Serhetdäki çaknyşyklarda köp sanly türk pida boldy, iki tarapada serediň”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda Ministrler kabinetiniň mejlisinden ozal žurnalistlere Türkiýe bilen gazanylan ylalaşyk barada beýanat berdi

1292142
“Serhetdäki çaknyşyklarda köp sanly türk pida boldy, iki tarapada serediň”

Tramp: “Gowy habarlar gelip gowuşýar. Ylalaşyk dowam edýär. Serhetdäki çaknyşyklar sebäpli köp sanly türk pida boldy, iki tarapada serediň” diýdi.

Ozalky prezident Barak Obamanyň döwründäki Siriýa syaýsatyny tankyt eden Tramp; “DAİŞ şol döwürde güýçlidi. Olary men ele saldym. Sizden ýa-da galp alymlardan has köp bilýärin” diýdi.

Tramp ekstremist terror guramasy ÝPG/PK-ny göz öňünde tutup; “Kürtlere ol ýerde ýene-de 400 ýyl galarys diýip söz bermedik” diýdi.

Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda käbir kiçi çaknyşyklara garamazdan ylalaşygyň dowam edýändigini beýan eden Tramp: “Kürtler howpsyz zolakdan çykyp, özleri, üçin howpsyz ýerlere çekilýärler. Howpsyzlyk zolak gowy zat” diýdi.

Tramp Amerikan esgerleriniň bolsa Siriýadan çekilmäge dowam edýändigini belläp, sebitdäki DAİŞ terrorçylaryna garşy göreşmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Tramp, Siriýadan yza çekiliş tapgyrynda sebitde belli bir sanda goşunyň galdyrylyp galdyrylmajakdygy barada bolsa: “Ol hökman däl. Ol ýerde goşun galdyrmak islämok. Ol ýerler howply” diýdi.



Degişli Habarlar