Tel Abýatda ÝPG/PKK-nyň goýan minasynyň partlamagy netijesinde üç adam ýaralandy

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň çäginde, terrordan saplanan Tel Abýad etrabynda, terror guramasy ÝPG/PKK-nyň öýleriň birine duzaklap goýan minasynyň partlamagy netijesinde 1-i çaga jemi 3 adam ýaralandy

1291220
Tel Abýatda ÝPG/PKK-nyň goýan minasynyň partlamagy netijesinde üç adam ýaralandy
tel abyad mayin yarali1.jpg

Tel Abýad etrabyndaky öýüne gaýdyp barmak islän Ebu Ahmet, öýüniň howlusynda terror guramasy tarapyndan duzaklanyp goýulan minanyň partlamagy netijesinde 1-i çaga jemi 3 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Partlamada jigisi bilen ýegeniniň ýaralanandygyny aýdan Ebu Ahmet, ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň sebitden gaçan mahaly asuda ilatyň öýlerini mina bilen doldurandygyny beýan etdi.

Ebu Ahmet, terror guramasynyň ýaşaýjylary başga ýerlere göçürip, her ýeri minalandygyny, şol sebäpli adamlaryň öýlerine gaýdyp barmaga gorkýandygyny aýan etdi.

Ýaralanan adamlaryň Siriýanyň Milli Goşunyna degişli saglygy goraýyş toparlar tarapyndan bejergi üçin hassahana iberilendigi aýan edildi.


Etiketkalar: #çaga , #mina , #Tel Abýad

Degişli Habarlar