Dünýäniň ilatynyň 23 göterimi ýoksul ýaşaýar

Düýäniň ilatynyň 23 göterimine barabar bolan 1,3 milliard adam ýoksul ýaşaýar

1289689
Dünýäniň ilatynyň 23 göterimi ýoksul ýaşaýar

Halkara pul gaznasy (HPG), Bütindünýä banky we BMG-niň görkezijilerine görä dünýädäki ýoksul ilatyň ýarysynyň 18 ýaşyna ýetmediklerden, üçden bir böleginiň bolsa 10 ýaşyna ýetmediklerden ybarat bolmagy ünsleri çekýär.

BMG “17-nji oktýabr Ýoksullyga garşy göreşiň Bütindünýä güni” mynasybetli geçirilýän dürli çareler bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni bu meselä çekmek ugrunda tagalla edýär.

Dünýädäki ýoksulyň azalma depgininiň soňky ýyllarda gowşandygy, uruşlaryň we gytlyk ýaly meseleleriň başdan geçirilýän esasy sebiti bolan Afrika ýoksullykda başda durýar.

İň ýoksul ýurtlaryň sanawynda birinji ýerde durýan Liberiýada adam başyna ýyllyk 710 Amerikan dollary girdeji düşýär.

Liberiýadan soň nobaty bilen Merkezi Afrika Respublikasy (730), Burundi (770), Kongo Demokratik Respublikasy (870), Niger (990), Mozambik (1200), Sierra Loene (1480), Madagaskar (1510) we Komorlar (1570 Amerikan dollary) durýar.

Beýleki tarapdan ýeterlik iýmitmenmeýän adamlaryň sanynyň artýandygy, dünýäde 820 milliondan gowrak adamyň, ýagny 9 adamdan biri açlyga garşy göreşýär.

 



Degişli Habarlar