“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde strategik M4 gara ýoluna çenli baryldy
Siriýanyň Milli goşuny operasiýanyň 4-nji gününde operasiýanyň strategik nyşanalaryndan biri bolan M4 gara ýoluna çenli bardy
“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde Türk ýaragly güýçleriniň goldaw bermeginde öňe berýan Siriýanyň Milli goşuny, ekstremist terror guramasy ÝPK/PKK-nyň basyp alyşlygy astyndaky Manbiç we Kamyşly etraplaryny biri-biri bilen birleşdirýän strategik M4 gara ýoluna çenli bardy
Siriýanyň Milli goşuny operasiýanyň 4-nji gününde Türk ýaragly güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýanyň strategik nyşanalaryndan biri bolan M4 gara ýoluna çenli bardy
M4 gara ýolu, terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky Manbiçden, Siriýa-Türkiýe-Yrak serhedinde ýerleşýän Kamyşly etrabyna çenli uzap gidýän strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän nokatlardan biri.
Halap-Haseke ýoly hökmünde hem bilinýän M4, Türkiýe serhedinden 30 kilometr alysda ýerleşýär
Terror guramasy ÝPG/PKK ady agzalýan gara ýoly logistiki işleri üçin ulanýar