Abdulmehdi bilen Pompeo Yrakda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Yragyň Premýer ministri Abdulmehdi, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1283221
Abdulmehdi bilen Pompeo Yrakda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Yragyň Premýer ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Abdulmehdi bilen Pompeo Yrakda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Abdulmehdi howpsyzlyk güýçleriniň ýurtdaky ýagdaýy gözegçilik astyna alandygyny we hökümetiň protestçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin teklip hödürländigini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo hem ýurdunyň Yrakda durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi baradaky tagallalara goldaw berýändigini ýatlatdy.

Yrakda paýtagt Bagdadyň başda durmagynda ýurduň günortasynda ýerleşýän şäherlerde 1-nji oktýabrdan bäri “galplyga we işsizlige garşy” protest ýörişleri geçirilýär

Protest ýörişlerinde häzire çenli 104 adam ýogaldy, 6107 adam ýaralandy

 



Degişli Habarlar