"Ruhani, ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly gepleşik geçirmegi kabul etmändir"

Fransiýa, Eýranyň Prezidenti Ruhani bilen ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň telefon arkaly gepleşik geçirmegi üçin tagalla edipdir

1280204
"Ruhani,  ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly gepleşik geçirmegi kabul etmändir"

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň74-nji sessiýasynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly gepleşik geçirmegi kabul etmändigi öňe sürüldi.

Nýu Ýork Taýmes gazetinde berlen habarda, Fransiýanyň, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň telefon arkaly gepleşik geçirmegi üçin tagalla edendigi we emma Ruhaniniň Tramp bilen telefon arkaly gepleşik geçirmegi kabul etmändigi öňe sürüldi.

Habarda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Ruhaniniň bolýan myhmanhanasyna gidip Eýranyň resmi wekiliýetine Ruhaniniň Tramp bilen telefon arkaly gepleşik geçirmegi teklip edendigi nygtaldy

Habarda, Makronyň teklibinden soň Ruhani bilen Trampyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmegi üçin ýörite  berk howpsyzlyk çäreleri görlen otagyň taýarlanandygy ýatladyldy

Habarda Trampyň telefony eline alyp Ruhana garaşandygy emma Ruhaniniň otagyndan hem çykmandygy bellenildi.

Habarda Ruhaniniň iki lideriň arasyndaky telefon söhbetdeşliginden soň Eýranyň içerki syýasatynda özüne garşy çykyşlardan çekinendigine üns çekildi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar