Siriýa-Yrak serhedindäki Elbukemal-Kaim gümrük geçelgesi 5 ýyl soň ýaňadandan açyldy

Terror guramasy DAIŞ ady agzalýan gümrük geçelgesini 2014-nji ýylda ele geçiripdi

1278912
Siriýa-Yrak serhedindäki Elbukemal-Kaim gümrük geçelgesi 5 ýyl soň ýaňadandan açyldy

Terror guramasy DAIŞ-iň hüjümleri sebäpli 2014-nji ýylda ýapylan Siriýa-Yrak serhedindäki Elbukemal-Kaim gümrük geçelgesi 5 ýyl soň ýaňadandan açyldy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Siriýanyň gündogaryndaky Deýrizor şäheriniň Elbukemal etrabynyň garşysynda Yragyň territoriasynda ýerleşýän gümrük gapylary ýaňadandan açyldy

Terror guramasy DAIŞ ady agzalýan gümrük geçelgesini 2014-nji ýylda ele geçiripdi.

Asadyň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň hökümeti, Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçylaryň goldaw bermeginde Elbukemaly 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan DAIŞ-den yzyna alypdy

Terror guramasy ÝPG/PKK bolsa ABŞ-nyň goldaw bermeginde Yrak serhedindäki Bagoz etrapçasyny fewral aýyndan DAIŞ-den yzyna alypdy

2017-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astynda bolan etrapda iş ýüzünde Eýran tarapyndan goldanýan toparlar höküm sürýar

Gümrük geçelgesiniň açylmagy bilen ady agzalýan toparlaryň täsiriniň güýçlenjekdigine we Yraga geçişleriň has ýeňilleşjekdigine üns çekilýär

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar