Owganystandaky türki dilli halklaryň lideri Abdülkerim Mahdum aradan çykdy

Owganystandaky türki dilli halklaryň lideri we ozalky deputat Abdülkerim Mahdum 77 ýaşynda aradan çykdy

1278886
Owganystandaky türki dilli halklaryň lideri Abdülkerim Mahdum aradan çykdy

Abdülkerim Mahdumyň ogly Muhammed Sadik Mahdum, beren beýanatynda, ençeme wagt bäri biynjalyklygy sebäpli Türkiýede bejergi alan kakasynyň gysga wagt ozal gelen, öz ýaşaýan ýeri bolan Jüzjan welaýatynyň Kyzylaýak obasynda aradan çykandygyny habar berdi.

Abdülkerim Mahdumyň obasyndaky gonamçylykda jaýlanjakdygy mälim edildi.

1942-nji ýylda Owganystanyň Jüzjan welaýatynyň Kyzylaýak obasynda dogulan Abdülkerim Mahdum, 26 ýaşynda deputatlyga saýlanypdy.

Parlamentde deputat bolan Mahdum, Owgantstandaky mekdeplerde türki dillerde bilimiň berilmegini we Owganystanyň Milli radiosynda türkmen we

Ýurtda ýaşaýan biri-birinden tapawutly türki dilli halklar tarapyndan emele gelen “Azat Türkistan” atly bir partiýanyň döredilmegine ýolbaşçylyk eden Mahdum, 1978-nji ýylda Türkiýä ýerleşdi.

Mahdum, 1982-nji ýylda türki dilli 4500 raýatyň Türkiýä göçüp gelmegini üpjün etdi.



Degişli Habarlar