“Hytaýa nebit satuwynda ygtyýar berlendigi hakyndaky habarlar nädogry"

Eýranyň Daşary işler ministri “Hytaýa nebit satuwynda ygtyýar berlendigi"  hakyndaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy

1278867
“Hytaýa nebit satuwynda ygtyýar berlendigi hakyndaky habarlar nädogry"

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif “Hytaýa nebit satuwynda ygtyýar berlendigi"  hakyndaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugyna beýanat beren Zarif, Hytaýa satylýan nebitiň nyrhyny aşakladandyklary we möhlediň uzadylandygy hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtady

Zarif “Hytaý bilen baglaşylmagy meýilleşdirilýän 25 ýyllyk strategik şertnama Eýran tarapyndan teklip edildi we üstünde işlenilýär. Şernamanyň heniz hiç hili peýdasy ýok” diýdi.

Merkezi Britaniýada ýerleşýän Petroleum ykdysadyýet habarlary saýty, Eýran bilen Hytaýyň arasynda 2016-njy ýylda 25 ýyl möhlet bilen baglaşylan strategik şertnama laýyklykda Hytaýa ýuan bilen arzan bahadan nebitiň satylandygyny öňe sürüpdi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #nebit , #Hytaý , #Eýran

Degişli Habarlar