Owganystanda saýlaw güni hüjümler guraldy

Owganystanda düýn Prezident saýlawlarynda ýurtda guralan 68 hüjümde 4 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy

1278209
Owganystanda saýlaw güni hüjümler guraldy
afganistan guvenlik.jpg
afganistan secim.jpg

Içeri işler ministri Mesut Anderabi, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Talibanyň saýlawlara päsgel bermek üçin eden aksiýalarynyň şowsyz bolandygyny habar berdi.

Talibanyň ýurtda guran 68 aýry hüjüminde 4 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny aýdan Anderabi, 3 howpsyzlyk işgäri bilen 72 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.

Anderabi, hüjümleriň Logar, Tahar, Kunar, Jüzjan, Farýab, Kunduz, Baglan, Paktiýa we Paktika welaýatlarynda guralandygyny habar berdi.

Owganystanyň Milli Hopwpsyzlyk edarasyndan berilen beýanatda bolsa, saýlaw gününde Talibana garşy geçirilen 13 aýry operasiýada Talibana agza 34 terrorçynyň öldürilendigini, 14-siniň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, hüjümlerde howpsyzlyk güýçlerinden ýogalan we ýaralanan adamlaryň sanynyň 422 bolandygyny öňe sürdi.

Beýleki tarapdan Owganystanyň Garaşsyz Saýlaw komissiýasy tarapyndan berilen beýanatda, ýurtda düýn geçirilen Prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijeleriniň 3 hepde soň aýan ediljekdigini nygtady.

Bellige alynan 9 million 600 müň saýlawçy bolan ýurtda, 15 dalaşgär Prezident wezipesine saýlanmak üçin özara ýaryşdy.


Etiketkalar: #hüjüm , #saýlaw , #Owganystan

Degişli Habarlar