Hamaneý: "ABŞ-den we Ysraýyldan başgä ähli ýurtlar bilen gatnaşyk saklap bileris" diýdi

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, ABŞ-den we Ysraýyldan başgä ähli ýurtlar bilen gatnaşyk saklap biljekdiklerini beýan etdi

1277047
Hamaneý: "ABŞ-den we Ysraýyldan başgä ähli ýurtlar bilen gatnaşyk saklap bileris" diýdi

Eýranyň mediasyna görä, Hünärmenler mejlsinde çykyş eden Hamaneý: "ABŞ we Ysraýyldan daşary hiç bir ýurt bilen aragatnaşyk we gepleşikler ýoly ýapyk däldir" diýip belledi.

ABŞ-nyň ýadro ylalaşygynyň düzüminden çykmagyndan soň, Ýewropa ýurtlarynyň beren sözlerini ýerine ýetirmedigini aýdan Hamaneý: "Ýewropa ýurtlary beren wadalaryna garamazdan ABŞ-nyň sanksiýalaryna boýun boldylar we hiç hili ädim etmediler. Mundan soň hem birzat etmekleri uzak bolup görünýär. Şol sebäpli Ýewropadan dolulygyna umyt kesilmelidir" diýip habar berdi. 

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abbas Musewi, şu gün beren beýanatynda, Saud Arabystany bilen ähli derejede gepleşiklere taýardyklaryny habar berdi. 

 



Degişli Habarlar