“Eýrana harby hüjüm guramak ýerlikli jogap bolar”

Tramp Aramko guralan hüjüm sebäpli nebitiň nyrhynyň ýokarlamagynyň ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetirmejekdigini ýatlatdy

1270650
“Eýrana harby hüjüm guramak ýerlikli jogap bolar”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Saud Arabystanynyň milli nebit firmasy Saudi Aramko degişli desgalara guralan hüjüm sebäpli ýurdunyň Eýrana harby hüjüm guramagynyň ýerlikli jogap boljakdygyny aýtdy.

Tramp Nýu Meksiko ştatyna gurajak saparynyň öňüsyrasynda Ak Tamda metbugata beýanat berdi.

“Saudi Aramko firmasyna degili desgalara guralan hüjümiň arkasynda Eýranyň bolup bolmandygy gysga wagtda belli bolar” diýen Tramp “Şondan soň näme etjekdigimiza karar bereris” diýip belledi.

Saud Arabystanynyň nebit firmasyna degişli desgalara guralan hüjüme garşy  ABŞ-nyň Eýrana harby hüjüm guramagynyň ýerlikli jogap bolup bolmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Tramp “Eýrana hüjüm guramak ýerlikli jogap bolar” diýdi.

Tramp Aramko guralan hüjüm sebäpli nebitiň nyrhynyň ýokarlamagynyň ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetirmejekdigini ýatlatdy

 



Degişli Habarlar