ABŞ AL Kaidanyň käbir ýolbaşçylary hakynda maglumat bereni 5 million dollar bilen sylaglandyrar

Abdülkerim Al Masri, Faruk Al Suri we Sami Al Uraýdiniň ýeriniň anyklanylmagy üçin 5 million dollar teklip edildi

1268895
ABŞ AL Kaidanyň käbir ýolbaşçylary hakynda maglumat bereni 5 million dollar bilen sylaglandyrar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy terror guramasy AL Kaidanyň käbir ýolbaşçylarynyň saklanýan ýeri hakynda maglumat bereni 5 million dollar bilen sylaglandyrjakdygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Al Kaidanyň ýolbaşçylaryndan Abdülkerim Al Masri, Faruk Al Suri we Sami Al Uraýdiniň ýeriniň anyklanylmagy üçin teklip edilen sylag hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda birnäçe ýyldan bäri Al Kaidanyň hatarynda ýer alýan we guramanyň lideri Eýmen Al Zewahire ýakynlygy bilen bilinýän Müsüriň raýaty Al Masriniň Siriýadaky Al Kaida bilen hyzmatdaşlyk edýän “Hurras Al Din” atly gurama bilen Al Nusra frontonyň arasynda töwellaçylyk edýändigi nygtaldy

Siriýanyň raýaty Faruk Al Suriniň Al Kaidanyň hataryna goşulan başbozarlara tälim berýändigi, Iordaniýanyň raýaty bolan Sami Al Uraýdiniň hem ozal ABŞ-na we Ysraýyla garşy guralan hüjümlere gatnaşandygy, häzir bolsa “Hurras Al Din” atly gurama üçin işleýändigi ýatladyldy

Beýanatda ýokarda ady agzalýanlar hakynda maglumat berjeklere her bir terrorçy üçin 5 million dollaryň beriljekdigi bellenildi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar