Tramp, ABŞ bilen Talibanyň arasynda geçirlen gepleşikleri “netijesiz” hökmünde häsiýetlendirdi

Tramp, Kabulda guralan soňky hüjümlerde Amerikaly 1 esgeriň ýogalandygy sebäpli Taliban bilen geçirilýän gepleşikleri saklady

1266536
Tramp, ABŞ bilen Talibanyň arasynda geçirlen gepleşikleri “netijesiz” hökmünde häsiýetlendirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ABŞ bilen Talibanyň arasynda geçirlen we düýn saklanan parahatçylyk gepleşiklerini “netijesiz” hökmünde häsiýetlendirdi

Tramp Demirgazyk Karolina ştatyna gurajak saparynyň öňüsyrasynda Ak Tamda metbugata beýanat berdi.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda geçirlen parahatçylyk gepleşikleri hakyndaky soraga jogap beren Tramp “Gepleşikler netijesiz”diýdi

Tramp Taliban bilen gepleşikleriň saklanandygy hakyndaky karardan soň Twitter arkaly beýanat beripdi.

ABŞ-nyň Owganystanda polis güýji hökmünde iş alyp barýandygyny we munyň Amerikan esgerleriniň işi bolmandygyny nygtan Tramp “Soňky 4 günde, düşmanymyza garşy soňky 10 ýylyň iň güýçli hüjümlerini guraýarys” diýipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Kabulda guralan soňky hüjümlerde Amerikaly 1 esgeriň ýogalandygy sebäpli Taliban bilen geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerini saklandygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar