Nikola Maduro goşuna türgenleşik üçin buýruk berdi

Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro harby goşuna Kolumbiýa serhetýakasynda türgenleşik geçirmegi üçin buýruk berdi

1263674
Nikola Maduro goşuna türgenleşik üçin buýruk berdi

“Assoşeýted Press” habarlar gullugynyň habar bermegine görä Kolumbiýanyň döwlet Ýolbaşçysy İwan Dukeni özüne hüjüm guramagy meýilleşdirmek bilen günäkärlän Maduro, Wenesuelanyň harby goşunyna 10-njy sentýabrdan başlan Kolumbiýa serhetýakasynda azyndan iki hepde türgenleşik geçirmegi üçin görkezme berdi.

Düýn göni ýaýlymda berilen dabarada harbylara ýüzlenip çykyş eden Maduro; “Kolumbiýanyň hökümeti parahatçylyk islemeýar. Çaknyşyk isleýär, söweş isleýär” diýdi.

Maduronyň beýanatynyň Wenesuelanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Huan Gaýdonyň Kolumbiýadan ýurda gelen we bikanun neşe söwdasyny edýän partizanlaryň yzarlanmagy üçin Kolumbiýanyň hökümeti bilen emele hemradan alynýan maglumatlaryň alyşyljakdygyny aýtmagyndan soň berilmegi ünsleri çekdi.

Oppozisiýanyň lideri Gaýdo “Toparlaryň ýaraglaryny görkezýän wideo-ýazgylaryny gördük. Wenesuelanyň özygtyýarlylygyna uly howp abanýar” diýip, Wenesuelanyň goşunyna terrorçy toparlary ýurtdan gyssagly çykarmaga çagyrypdy.



Degişli Habarlar