Dorian tupany Bagama adalarynda täsirli bolmaga başlady

ABŞ-nyň günorta-gündogar kenarýakalaryna golaýlaşan 5-nji kategoriýadaky Dorian tupany Bagama adalarynda täsirli bolmaga başlady

1262265
Dorian tupany Bagama adalarynda täsirli bolmaga başlady

ABŞ-nyň Milli Tupan merkezi, güýjüni artdyryp 5-nji kategoriýa ýeten Dorian tupanynyň Bagama adalarynda täsirli bolmaga başlandygyny habar berdi.

Merkez tarapyndan berilen habara görä, ýeliniň tizligi sagatda 295 kilometre ýeten Dorian tupany, häzirki wagta çenli sebite gelen iň güýçli tupan hökmünde bellige alyndy.

Aşa güýçli ýagyşlaryň ýagmagyna sebäp döredýän tupanyň Bagama adalaryna uly mukdarda zyýan ýetirjekdigi çak edilýär. Resmiler häzirki wagta çenli hiç hili adam ýitgisiniň çekilmändigini we gerek bolan ähli howpsyzlyk çärelerinň görülendigini mälim etdiler.

Dorian tupanynyň duşenbe güni agşam Florida ştatyna täsir ýetirmäge başlajakdygy, emma esasan bolsa demirgazykdaky Džordžia we Günorta Karolina ştatlaryna ýaramaz täsir ýetirjekdigi mälim edildi.

ABŞ-nyň Milli Tupan merkezi, Dorian tupanynyň sagatda 13 km tizlik bilen ABŞ-e tarap hereket edýändigini aýan edipdi.


Etiketkalar: #tupan , #Dorian , #ABŞ

Degişli Habarlar