Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler ýaňadandan hüjüme başlady

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçler, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda birtaraplaýyn häsýetde yglan eden od açmazlyk baradaky ylalaşygynyň düzgünlerini bozup, asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine hüjüm gurady

1261619
Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler ýaňadandan hüjüme başlady

Asada tabynlykdaky güýçler Idlibiň günortasyndaky Kefrenbil etraby, Jerjenaz etrapçasy, Kefersejne, Hiş, Ureýnibe, Has, Deýr Şarki we Deýr Garbi obalaryna minomýot we raketalar bilen gury ýerden hüjüm gurady. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi, düýn günortandan soň Asada tabynlykdaky güýçleriň birtaraplaýyn häsýetde Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda yglan eden od açmazlyk baradaky ylalaşygyň şu gün irden sagat 06:00-dan başlap başlajakdygyny habar beripdi. 

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda gol çekilen ylalaşykdan bäri Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda 945 müň 992 adam öz ýaşaýan ýerini terk etdi. Şol wagtdan bäri Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň hüjümlerinde 219-y zenan, 341-i çaga bolmak bilen jemi 1 müň 282 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar