Pakistanda bolan awtobus heläkçiliginde 24 adam ýogaldy

Pakistanyň Haýber Paktunwa ştatynda bir awtobusyň kert gaýalykdan aşak gaçmagy netijesinde şol bir maşgaladan 24 adam ýogaldy

1261425
Pakistanda bolan awtobus heläkçiliginde 24 adam ýogaldy

Ştatyň Upper Kohistan diýilen ýerinde, toýdan gaýdyp gelýän şol bir maşgalanyň 35 agzasyny daşaýan awtobus, düýn agşam kert gaýalykdan aşak gaçdy. Gaýalygyň aşagyndaky kanala gaçan awtobusdaky 24 adam ýogaldy.

Polisiýa gullugy awtobus heläkçiliginiň hem garaňky ýerde bolandygy hem-de çet ýerde bolandygy sebäpli gözleg we halas edişlerini kynçylyk bilen dowam etdirýändiklerini habar berdi.


Etiketkalar: #awtobus , #Pakistan

Degişli Habarlar