Terror guramasy ÝPG/PKK bilen Azat Siriýa goşunynyň arasynda çaknyşyklar boldy

Siriýanyň Tel Ryfat sebitini gözegçilik astynda saklaýan terror guramasy ÝPG/PKK agza terrorçylar, düýn gije şol bir wagtyň özünde Bab, Azez we Afrin diýilen ýerlere hüjüm gurady

1260741
Terror guramasy ÝPG/PKK bilen Azat Siriýa goşunynyň arasynda çaknyşyklar boldy

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň, Babyň günbatarynda Azat Siriýa goşunynyň gözegçiligindäki Diklabaş obasyna girmäge synanyşmagy netijesinde çaknyşyk ýüze çykdy.

Terror guramasy ÝPG/PKK, Azeziň günortasyndaky Kefer Karşyn sebitinde Azat Siriýa goşunyna hüjüm gurady, Azat Siriýa goşuny bu hüjümi yza serpikdirdi.

Düýn gije terror guramasy ÝPG/PKK şeýle hem Afriniň günortasyndaky Kimar sebitinde oppozisioner harby toparlara hüjüm gurady.

Azat Siriýa goşuny bu hüjüme hem garşylyk görkezdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri hem gaubisalar arkaly terror guramasy ÝPG/PKK-a degişli ýerlere od açdy.



Degişli Habarlar