Braziliýada Amazon tokaýlyklarynda 72 müňden gowrak ýangyn boldy

Bu mukdar geçen ýyl bilen deňeşdirilende 83 göterim ýokary

1256051
Braziliýada Amazon tokaýlyklarynda 72 müňden gowrak ýangyn boldy

“BBJ-niň” habar bermegine görä Milli kosmos barlaglary institutyndan berilen beýannamada Amazon zolagynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä ýylyň başyndan bäri bolan ýangynlaryň sany 83 göterim artandygy mälim edilýär.

Beýannamada 1-nji ýanwardan bäri Amazon tokaýlyklarynda 72 müňden gowrak, penşenbe gününden bäri esasy bölegi Amazon zolagynda Braziliýa boýunça 9,500-den gowrak ýangynyň bolandygy nygtalýar.

İNPE-den berilen beýannamada Amazonlarda iýun aýynda 920 inedördül kilometr, iýul aýynda bolsa müň inedördül kilometrden gowrak tokaýlyk meýdanyň zaýa bolandygy habar berilipdi.

Alymlar dünýäniň esasy ýağyş tokaýlyklary bolan Amazonlaryň goralmagynyň howa çalşygyna garşy göreşde iňňän möhüm orun tutýandygyna ünsleri çekýärler.


Etiketkalar: #ýangyn , #tokaý , #Amazon

Degişli Habarlar