ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi Bahreýniň Şasy bilen duşuşdy

Bahreýniň Şasy Al Halife resmi sapar bilen ýurduna gelen MakKenzie bilen duşuşdy

1254468
ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi  Bahreýniň Şasy bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi general-leýtenant Kenneth MakKenzie, Bahreýniň Şasy Hamed Bin Isa Al Halife bilen duşuşdy.

Bahreýniň BNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Bahreýniň Şasy Al Halife resmi sapar bilen ýurduna gelen MakKenzie bilen duşuşdy.

Duşuşykda halkara we sebitara meseleleriň seljerlendigini aýdan Al Halife, iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň deňagramly ýagdaýda ösýändigini belledi.

Ýurdunyň ABŞ-nyň sebitde howpsyzlygyň we durnuklylygyň goralyp saklanmagy üçin Pars aýlag ýurtlaryna berýän goldawyny takdyr edýändiklerini nygtan Al Halife, Bahreýniň hem halkara söwda  we energetika gatnaşyklarynyň  we suw ýollarynyň goralyp saklanmagy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirjekdigini ýatlatdy.

 MakKenzie, Bahreýniň Şasynyň ABŞ bilen ýurdunyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin edýän tagallasyndan hoşaldygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar