Hindistandaky sil sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hindistanyň Karnataka, Kerala we Maharaştra ştatlarynda aşa köp ýagan ýagyş sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalan adamlaryň sany 147-ä ýetdi

1251812
Hindistandaky sil sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edip, ýüz müňlerçe adam sil apatynyň başdan geçirilýän ýerinden çadyr düşelgeleriň gurulan ýerlerine göçürildi. 

Resmiler ýurtdaky Miras sanawynda bolan ençeme ýeriň suwyň aşagynda galandygyny habar berdiler. 

Sil apatynyň bolan ençeme ýerinde otly gatnawlary hem duruzyldy. 

Kerala ştatynyň ýolbaşçylary sebitde 165 müň adamyň döwlet tarapyndan gurulan çadyr düşelgelere göçürilendigini beýan etdiler.  

Karnataka ştatynda bolsa Dünýä Miras sanawynda bolan Hampi şäherindäki ençeme bina hem suwyň aşagynda galdy. 

Sebitde 227 müň adam çadyr düşelgelerine göçürildi. 

 


Etiketkalar: #sil apaty , #Hindistan , #sebit

Degişli Habarlar