Russiýa ABŞ-nyň Wenesuela bilen bagly kararyny tankyt etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, Wenesuelany ABŞ-däki ähli barlyklarynyň doňdurylmagyny ykdysady terrorizm hökmünde häsýetlendirip: “Wenesuelanyň hökümetine garşy embargolar bes edilmelidir” diýip nygtady

1249194
Russiýa ABŞ-nyň Wenesuela bilen bagly kararyny tankyt etdi

 

Mariýa Zaharowa, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynyň üsti bilen beren beýanatynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Wenesuelanyň ABŞ-däki ähli baýlyklaryny doňdurýan kararnama gol çekmegini tankyt etdi.

ABŞ-ly strategleriň öňümizdäki ýyllarda Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduronyň halk tarapyndan goldanmajakdygyny aýdýandyklaryny aýdan Zaharowa: “Wenesuelada hökümeti agdarmak üçin edilen köp sandaky harby agdarlyşykdan soň, Waşington, ýurtda sosial-ykdysady şertleriň erbetleşjekdigine ynanýar” diýip belledi.

Zaharowa, ABŞ-nyň rehimsiz embargolary sebäpli başda syrkawlar we garry adamlar bolmak bilen, Wenesuelanyň halkyna ýaramaz täsir ýetirendigini aýdyp: “Hünärmenlere görä, ABŞ-nyň embargolary sebäpli Wenesuelada 40 müňden gowrak adam ýogaldy. Halkyň ýeke täk günäsi bolsa Waşingtonyň islemedigi lidere goldaw bermegi” diýip belledi.

Russiýanyň Wenesuela garşy embargolaryna garşy bolandygyny aýdan Zaharowa: “ABŞ, Wenesuelanyň hökümetine garşy ykdysady terrorizmine dowam edýär. Wenesuelanyň hökümetine garşy embargolar bes edilmelidir” diýip aýan etdi.



Degişli Habarlar