Ruhani bilen Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Eýran Ormuz bogazynyň howpsyzlygyna uly ähmiýet berýär

1249096
Ruhani bilen Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Ruhani bilen Makron telefon söhbetdeşliginde Pars aýlagyndaky we töwereklerindäki dartgynlyk we ýadro şertnamasy hakynda pikir alyşdy.

Eýranyň Ormuz bogazynyň howpsyzlygyna uly ähmiýet berýändigini nygtan Ruhani, “Her gün onlarça gämi erkin ýagdaýda bogazdan geçýär we Eýranyň howpsyzlyk güýçleri hem denizjilik kadalaryna görä, bogazdaky gözegçilik işlerini dowam etdirýär” diýdi.

ABŞ-nyň aýlag syýasatyny “prowokasiýa” hökmünde häsiýetlendiren Ruhani “Gynansakda Eýranyň we Fransiýanyň dartgynlygyň ortadan aýrylmagy we durnuklylygyň üçin  edilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi baradaky tagallalaryna garamazdan ABŞ sebitde öjükdiriji syýasat alyp barýar” diýdi.

Ruhani, Eýran bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Eýranyň Prezidenti “Fransiýa ÝB-de Eýranyň esasy hyzmatdaşy hökmünde bu meselede ulyy rol oýnap biler” diýdi.

Fransiýanyň Prezidenti Makron hem ýurdunyň ýadro şertnamasyna laýyklykda hereket etmäge dowam etjekdigini belledi.

Ruhani bilen Makron telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy

 



Degişli Habarlar