ABŞ Maduro bilen işleşen firmalara sanksiýa goýar

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň gol goýan kararnamasy bilen Wenesuelanyň ABŞ-daky ähli emlagy saklanypdy

1249344
ABŞ Maduro bilen işleşen firmalara sanksiýa goýar

 

Ak Tamyň milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen işleşen firmalara sanksiýa goýuljakdygyny aýtdy.

Bolton Perunyň paýtagty Limada geçirlen “Wenesuela demokratiýa” atly konferensiýada çykyş etdi.

Bolton Wenesuelanyň ABŞ-daky emlaklarynyň doňdurylmagyndan soň “ Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen işleşýän üçünji şahyslara duýduryş berýäris. Ünsli çemeleşiň. Täsirini ýitirýän hökümetden peýdalanmak üçin ABŞ bilen bolan ykdysady bähbitleriňize wehim salman” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň gol goýan kararnamasy bilen Wenesuelanyň ABŞ-daky ähli emlagy saklanypdy

 



Degişli Habarlar