Owganystanda Talibana garşy operasiýa başladyldy

Owganystanda soňky 24 sagatda NATO güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilýän operasiýalarda Talibana agza 92 terrorçy öldürildi

1248810
Owganystanda Talibana garşy operasiýa başladyldy

Owganystanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, NATO-nyň goldaw bermegindäki Owganystanyň Howpsyzlyk güýçleri Lagman, Gazna, Paktiýa, Zabul, Kandagar, Ferah, Helmand, Balh Faryab ýaly welaýatlarda Talibana garşy operasiýalaryň geçirilendigi mälim edildi.

Beýanatda soňky 24 sagatda NATO güýçleri bilen bilelikde geçirilen howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýalarda Talibana agza 92 terrorçynyň öldürilendigi, 56-synyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi.

Operasiýalarda Talibana agza 10 terrorçynyň göz tussaglygyna alynandygy we köp mukdarda ok-däri we ýaragyň ele salynandygy beýan edildi.


Etiketkalar: #NATO , #Owganystan

Degişli Habarlar