Hytaýda ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Hytaýyň Giujou ştatyndaky ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany 20-ä ýetdi

1242718
Hytaýda ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Hytaýyň merkezi telewideniýesi CCTV-niň berýän habaryna görä, ýurdyň Guiýang şäherindäki Liupanşui şäherçesinde üstümizdäki hepdäniň sişenbe güni başdan geçirilen ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sanynyň 15-den 20-ä ýetdi.

Gözleg işleriniň netijesinde 2 çaga, 2 bäbek we 1-i zenan bolmak bilen ýene-de jemi 5 adamyň jesediniň tapylandygy habar berildi.

Beýleki tarapdan bolsa eýýäm 3 gün bäri dowam edýän gözleg işleriniň netijesinde ýeriň aşagynda galandyklary çak edilýän 25 adam bolsa entek tapylmady.

Aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apaty sebäpli başladylan gözleg işleri dowam etdirilýär.

Ýer süýşgünleri sebäpli sebitdäki 23 öýüň 21-i ýumrulypdy.

Sişenbe güni ýurdyň Guijou ştatynyň Hyjang etrapçasynda bolan başga bir ýer süýşgünlerinde bolsa 1 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #ýer süýşmesi , #Hytaý

Degişli Habarlar