Dehkan: “Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen hiç bir ýagdaýda gepleşikler geçirmeris”

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň Harby maslahatçysy Hüseýin Dehkan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen hiç bir ýagdaýda gepleşikler geçirmejekdiklerini beýan etdi

1241903
Dehkan: “Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen hiç bir ýagdaýda gepleşikler geçirmeris”

Aýetullah Ali Hamaneýiň maslahatçysy we ýurdyň ozalky Goranmak ministri Hüseýin Dehkan, Al Jazeera telewideniýesine beren reportažynda, Pars aýlagyndaky dartgynlyk we Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi.

Britaniýanyň Pars aýlagyndaky howpsyzlygyny üpjün etmek üçin Ýewropanyň ýolbaşçylyk etmeginde bir koalisiýanyň döredilmegi baradaky teklibiniň üstünde durup geçen Dehkan: “Ormuz bogazynyň statusynda islendik üýtgeşiklik howply başlangyçlaryň gapylaryny açyp biler. Ormuz bogazynda ýa her kim bogazyň howpsyzlygyndan peýdalanyp nebitini satyp bilsin ýa-da hiç kim nebitini satmasyn. Eýranyň pikiri şundan ybarat” diýip belledi.

ABŞ-nyň häzirki hökümeti bilen hiç bir ýagdaýda gepleşikler geçirmejekdiklerini aýdan Dehkan: “Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen hiç bir ýagdaýda gepleşikler geçirmeris. Söweş hemleleri ýalandyr. Eger Waşington söweşe başlamak barada karara gelse, onda ABŞ-nyň sebitdäki ähli bazalary we harby bölümleri nyşana alynar” diýip nygtady.



Degişli Habarlar