Eýranyň prezidenti ABŞ bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ bilen gepleşikleri makullady

1241548
Eýranyň prezidenti ABŞ bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Hasan Ruhani, ýurdyň paýtagty Tähranda ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda eden çykyşynda: “Bu hökümet, gepleşikler mümkinçiligini elden bermedi we elden hem bermez. Ýurdy dolandyrmak ýaly jogapkärçilik bar mahaly şol meseleleri çözmek üçin adalatly, hukuka bap gelýän we abraýly bir gepleşikler üçin taýýardyrys” diýip belledi.

Şonuň bilen baglylykda gepleşiklere oňa boýun egen ýaly bir ýadgaýda başlamajakdyklaryny aýdan Ruhani, özüniň ýolbaşçylygyndaky 11-nji hökümetiň ilkinji günlerinden başlap syýasy ugurda we ylalaşyk gazanyp boljak meselelerdäki päsgelçilikleri ortadan aýyrmak babatynda tagalla edýändiklerini aýan etdi.

ABŞ, 2015-nji ýylda gol çekilen ýadro ylalaşygyndan çekilip, 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Eýrana garşy giň-göwrümli sanksiýalar girizipdi.

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý, geçen aý Ýaponiýanyň premýer ministri Sinzo Abe bilen geçiren duşuşygynda, Eýranyň hiç bir ýadgaýda ABŞ-e ynanmaýandygyny belläp: “ABŞ bilebn ýadro ylalaşygyň çäginde başymyzdan geçiren erbet tejribe sebäpli hiç wagt gepleşikler ýaňdandan geçirilmez” diýip nygtapdy.


Etiketkalar: #gepleşik , #IRNA , #Eýran

Degişli Habarlar