Russiýada çagalaryň dynç alyş merkezinde ýangyn boldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

1241044
Russiýada çagalaryň dynç alyş merkezinde ýangyn boldy

Russiýanyň Habarowsk şäherindäki çagalaryň dynç alyş merkezinde ýüze çykan ýangynda 4 çaga ýogaldy. 

Habarowskyň gubernatorlygynyň Metbugat merkezinen berilen beýanata görä, şäheriň "Holdomi" atly çagalaryň dynç alyş merkezinde ýangyn ýüze çykdy. 

4 adamyň ýogalmagy, 10-dan gowrak adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady. 

Russiýanyň premýer ministri Dmitriý Medwedew, Habarowsk sebitinde näçe sany dynç alyş merkezinde ýyladyş ulgamynyň ulanylýandygyny anyklanmagy barada buýruk berip: "Bu ýagdaý kabul edilmez" diýip belledi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar