Russiýa HAEG-dan Eýranyň urany baýlaşdyryş derejesi barada maglumata garaşýar

Russiýa Halkara Atom Energiýasy Guramasyndan Eýranyň urany baýlaşdyryş derejesi we mukdary barada resmi maglumata garaşýar

1232453
Russiýa HAEG-dan Eýranyň urany baýlaşdyryş derejesi barada maglumata garaşýar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamasynda eýranly ýolbaşçylaryň ýadro ylalaşygynda kepillendirilen urany baýlaşdyryş derejesine we mukdaryna tabyn bolmajakdygy baradaky beýannamalary seljerildi.

HAEG-nyň bu ugurda ynamdar maglumatyň esasy çeşmesi bolup durýandygyna üns çekilen beýannamada; “Eýranyň Natanz ýadro desgalarynda baýlaşdyrylan uranyň derejesiniň we mukdarynyň ýadro ylalaşygynda beýan edilen çäkden geçmegi bilen bagly resmi maglumata HAEG-dan garaşýarys” diýilýär.

Beýannamada: “Ýadro ylalaşygynyň ähli taraplar borçlaryny ýerine ýetiren halatynda dowam etdiriljekdigine doly ynanýarys” diýilýär.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi ýadro ylalaşygynda ýurdunyň islegleri ýerine ýetirilmändigi sebäpli ylalaşygyň çägindäki kepillendirmeleriň käbirlerini berjaý etmezlik baradaky 60 gün möhletli “İkinji tapgyr” başlangyçlara girişiljekdigini beýan edipdi.

Arakçi: “Ikinji tapgyrda wada berilen baýlaşdyryş derejesine we mukdaryna tabyn bolmajakdygymyzy yglan edýäris” diýipdi.

 



Degişli Habarlar