Tunisde guralan hüjümleriň jogapkäri terror guramasy DAIŞ

Tunisde düýn guralan iki aýry terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ-iň öz üstüne alandygy habar berildi

1226904
Tunisde guralan hüjümleriň jogapkäri terror guramasy DAIŞ

Aşa toparlara gözegçilik edýän Amerikanyň Siteintel saýtynyň, DAIŞ-iň Amak atly saýtyna esaslanyp beren maglumatynda, Tunisiň paýtagtynda bolan partlamalaryň jogapkärçilikleriniň DAIŞ tarapyndan öz üstüne alynandygy habar berildi.

Amak saýtynyň berýän habarynda, Tunisiň howpsyzlyk gulluklaryna garşy guralan iki aýry hüjümiň terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar tarapyndan guralandygy mälim edildi.

Tunisiň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Süfiýan ez-Zak beren beýanatynda, ýurdyň paýtagtynda biri Içeri işler edarasynyň, beýlekisi bolsa  patrullyk edýän polisiýa ulagynyň nyşana alynyp guralan iki aýry kamikaze hüjüminde 1 polisiýa işgäriniň ýogalandygy, 5-si polisiýa işgäri 8 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi.


Etiketkalar: #hüjüm , #Tunis , #DAIŞ

Degişli Habarlar