Donald Tramp Wladimir Putin bilen duşuşdy

Duşuşykdan ozal Trampyň eden degişmesi ünsleri özüne çekdi

1226890
Donald Tramp Wladimir Putin bilen duşuşdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän G20 Liderler maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirdiler.

Duşuşykdan ozal Trampyň eden degişmesi ünsleri özüne çekdi.

Tramp, Putine oýunlyk bilen ABŞ-de geçiriljek saýlawlara goşulmazlyk barada duýduryş berdi.

Ak Tamdan berilen beýanata görä, maslahatyň çäginde duşuşan Tramp we Putin, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki lider ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ýurtlaryň ikisiniň hem bähbitleri bilen birlikde dünýä ýurtlaryna peýdaly boljakdygy barada ylalaşyk gazandylar.

Duşuşykda Eýran, Siriýa, Wenesuela we Ukraina ýaly ýurtlardaky ýagdaýy ele aldylar.



Degişli Habarlar