“Eýran öz halkyna ähmiýet berýän bolsa Waşington bilen ylalaşar”

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp: “Eýran öz halkyna ähmiýet berýän bolsa Waşington bilen ylalaşar” diýip nygtady

1226198
“Eýran öz halkyna ähmiýet berýän bolsa Waşington bilen ylalaşar”

G20 Liderler maslahaty üçin Ýaponiýa hereket etmeden ozal metbugat işgärlerine beýanat beren Tramp, ABŞ-Eýran dartgynlygynyň üstünde durup geçdi.

Eýran bilen bagly edýän ädimleriniň yzynda durýandygyny aýdan Tramp: “Eýran näme isleýän bolsa edip biler, meniň üçin bir mesele ýok. Wagtym köp. Eýranyň ykdysadyýeti häzirki wagtda örän erbet. Bu ýagdaýy iň gysga wagtda hem çözüp bilerler, 10 ýylda hem çözüp bilerler” diýip belledi.

Tramp, Eýrana garşy güýçli sanksiýalaryň girizilendigini belläp: “Eýranyň hökümetiniň öz halkyna ähmiýet berýändigine ynanamok. Eger ähmiýet berýän bolsalar onda ABŞ bilen ylalaşyk gazanarlar. Eger ylalaşmasalar onda diňe özlerini pikir edýärler. Eger edýänleri şol bolsa onda olar diňe özlerini pikir edýärler we akmakdyrlar” diýip nygtady.


Etiketkalar: #Donald Tramp , #Eýran , #ABŞ

Degişli Habarlar