Esper: “Eýran bilen söweşmek islemeýäris” diýdi

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Mark Esper, Eýran bilen söweşmek islemeýändiklerini we başdan geçirilýän dartgynlygyň diplomatik ýollar arkaly çözülmeldigini belledi

1225496
Esper: “Eýran bilen söweşmek islemeýäris” diýdi

Goranmak ministriniň wekili wezipesine täze bellenen Mark Esper, Belgiýanyň paýtagty Brýussele barýarka uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Amerikan mediasynda berilýän habarlara görä, soňky wagtlarda Eýran bilen başdan geçirilýän dartgnlyk bilen bagly pikirleri soralan Esper: “Ilki bilen Eýran bilen söweşmek islemeýändigimizi her kimiň bilmegini isleýäris. ABŞ Eýran bilen söweşmegiň däl, eýsem diplomatik ýollary saýlaýar” diýdi.

Esper, Eýranyň diplomatiýa ugrukmagy babatynda her kimiň bilelikde işleşmelidigini, soňky wagtlardaky wakalaryň diňe Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky bir dartgynlygyň bolmandygyny we has giň geografiýany gyzyklandyrýandygyny belledi.

Maksatlarynyň resmi Tähran bilen ozal edilenden has gowy bir ylalaşyk gazanmakdygyny aýdan Esper, beýleki ýurtlarada bu babatda Eýrana garşy basyş etmek barada çagyryş berdi.


Etiketkalar: #Goranmak minstri , #ABŞ

Degişli Habarlar