Bolton, Trampyň Eýran bilen çynlakaý gepleşiklere taýardygyny nygtady

ABŞ-nyň Milli Howpsyzlyk maslahatçysy Jon Bolton, Prezident Trampyň Eýran bilen çynlakaý gepleşiklere taýardygyny nygtady

1225051
Bolton, Trampyň Eýran bilen çynlakaý gepleşiklere taýardygyny nygtady

Jon Bolton, Günbatar Iýerusalimde geçirilen ABŞ-Russiýa-Ysraýyl Üçtaraplaýyn howpsyzlyk maslahatynda eden çykyşynda, Waşington bilen Tähranyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň üstünde durup geçdi. 

ABŞ-ly diplomatlaryň Waşington bilen Tähranyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykdan çykmak üçin sebitde tagallalar edýändigini aýdan Bolton, Eýrany bu tagallara sesini çykarmazlyk bilen günäkärläp: "Eýranyň strategik karar bilen ýadro ýaragyndan ýüz öwürýändigini görkezýän ýeke täk delil hem ýok" diýdi. 

Bolton, ABŞ bilen Eýranyň arasynda gepleşikleriň başlamagy babatynda soňky sözi Eýrana goýup: "Prezident Tramp, çynlakaý gepleşikler üçin gapysyny açýar. Eýranyň etmesi zerur zat bolsa açyk bolan gapydan girmek" diýip belledi. 

Bolton maslahatdan soň beren beýanatynda, Eýranyň baýlaşdyrylan uran boýunça 300 kilogramlyk çäkden geçmeginiň uly bir ýalňyşlyk boljakdygyny, çäkden geçilen mahaly ähli ýollara ýüz tutulyp bilinjekdigini aýan etdi. 

ABŞ-nyň goýan sanksiýalary saýasynda Eýranyň gepleşiklere gaýdyp geljekdigine ynanýandygyny aýdan Bolton, Tähranyň gepleşiklere gelmän halatynda Waşingtonyň bu ýurda täze sanksiýalar girizip biljekdigi barada duýduryş berdi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Jon Bolton

Degişli Habarlar