ABŞ Ukrainanyň goşunyna kömek bermegi meýilleşdirýär

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, tälim we harby enjamlar üçin Ukrainanyň goşunyna 250 million dollarlyk pul kömegini bermegi meýilleşdirýär

1220916
ABŞ Ukrainanyň goşunyna kömek bermegi meýilleşdirýär

Pentagon tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Goranmak ministrligi, howpsyzlyk hyzmatdaşlyk gaznasyndan Ukrainanyň goşunynyň mümkinçiligini güýçlendirmek üçin goşmaça ýagdaýda tälim, harby enjam we goldaw maksady bilen 250 million dollar bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär” diýip bellendi.

Bu kararyň ABŞ bilen Ukrainanyň arasyndaky goranmak gatnaşyklaryna ähmiýet berýändiginiň görkezijisidigi aýdylýan beýanatda, bu gazna bilen ABŞ-nyň Ukrainanyň goşunyna 2014-nji ýyldan bäri beren pul kömeginiň mukdarynyň 1,5 millard dollara ýetjekdigi habar berildi.


Etiketkalar: #Pentagon , #ABŞ

Degişli Habarlar