Eýranda kontrabandaçylara garşy operasiýa geçirildi

Eýranyň günortasyndaky Hürmüzgan welaýatynda kontrabandaçylara garşy geçirilen operasiýada ýüze çykan çaknyşykda 2 esger ýogaldy

1216704
Eýranda kontrabandaçylara garşy operasiýa geçirildi

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Hürmüzgan welaýatyndaky Minab Deňiz bazasynda gulluk edýän esgerler, deňizde kontrabanda edýändigi anyklanan bir gämä garşy operasiýa gurady. 

Operasiýada ýüze çykan çaknyşykda eýranly 2 esger ýogaldy, 1 esger ýaralandy. 

Kontrabandaçylaryň 3-siniň bolsa göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #kontrabanda

Degişli Habarlar