Seçin: “ABŞ global liderligi Hytaýa aldyrdy” diýdi

Russiýanyň nebit kärhanasy Rosneftiň ýokary derejeli ýolbaşçysy Igor Seçin, ABŞ-nyň global pozisiýasyny ýitirendigini belläp, Hytaýyň ençeme ugur boýunça global liderligi öz eline alandygyny habar berdi

1214564
Seçin: “ABŞ global liderligi Hytaýa aldyrdy” diýdi

Igor Seçin, Sankt Peterburg Halkara Ykdysadyýet forumynda (SPIEF) eden çykyşynda, ABŞ-ny energetika pudagyny syýasy enjam edip ulanmak bilen günäkärledi.

Sanksiýalaryň we sanksiýa howplarynyň, global energetika pudagynda ýumuryjy täsir döredýändigini aýdan Seçin: “Käbirleri Russiýany energetika pudagyny syýasat üçin ulanmak bilen günäkärleýär, emma häzirki wagtda ABŞ muny ägirt uly mukdarda edýär. ABŞ-nyň energetika pudagyndaky altyn döwri, käbir başgda ýurtlar tarapyndan energetika ekspluatasiýasy ýagdaýyna öwrüldi” diýdi.

Igor Seçin, ABŞ-nyň global liderligini bolsa ýitirmäge başlandygyny belläp: “ABŞ soňky wagtlarda global pozisiýasyny ýitirdi. Hytaý ençeme ugur boýunça global liderligi öz eline aldy we 2050-nji ýyla çenli bu üstünlik 2 esse artar” diýdi.

Abraýyny ýitirmäge başlan ABŞ-nyň, garşydaşlaryna päsgel bermäge synanyşýandygyny aýdan Seçin: “Mysal üçin özüne bäsdeş bolan Demirgazyk Akym II ýaly taslamanyň öňüne böwet bolýar” diýdi.



Degişli Habarlar