Dubaýda awtobus heläkçilige uçrady

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 17 adam ýogaldy

1214648
Dubaýda awtobus heläkçilige uçrady

BAE-niň Dubaý şäherinde bir ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçramagy netijesinde 17 adam ýogaldy.

Oman Milli transport kärhanasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) giden awtobusyň Dubaýda düýn agşam heläkçilige uçrandygy mälim edildi.

Awtobusyň ýol belgisine süsmegi bilen bolan hadysada tapawutly milletlerden jemi 17 adamyň ýogalandygy, omanly sürüji bilen käbir ýolagçylaryň bolsa ýaralanandygy aýan edildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladylyp, kärhananyň Muskat-Dubaý arasyndaky ähli awtobus gatnawlaryny togtadandygy beýan edildi.

Beýleki tarapdan Omanyň döwlet telewideniýesinde berilen habarlarda, ýogalanlaryň 2-siniň omanly, beýleki ýolagçylaryň bolsa aziýaly we ýewropalydygy mälim edildi.



Degişli Habarlar