Donald Tramp, Emmanuel Makron bilen duşuşdy

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy

1214513
Donald Tramp, Emmanuel Makron bilen duşuşdy

Makron, Ýewropanyň nasistleriň basyp alyjylygyndan halas edilmeginde möhüm orny bolan Normandiýa hereketiniň başladylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Fransiýa baran Tramp bilen Kan gubernatorlygynda duşuşyk geçirdi.

Makron, duşuşykdan ozal geçirilen metbugat ýygnagynda, ýurdunyň ABŞ bilen Afrika, Orta Gündogar we halkara meselelerdäki hyzmatdaşlygyna ähmiýet berýändigini belledi.

Trampyň Fransiýa sapar guramagyndan bagtyýardygyny aýdan Makron: “Dabara üçin bu ýere gelmegiňiz iki milletiň arasyndaky egsilmez gatnaşygyň görkezijisidir” diýp nygtady.

Makron, ýurdunyň ABŞ bilen güýçli bir hyzmatdaşlygynyň bardygyny belledi.

Tramp bilen geçirjek duşuşygynda Eýran, Orta Gündogar we halkara meseleleri maslahatlaşjakdygyny aýdan Makron, bu meselerde Tramp bilen umumy garaýyşa eýe bolmagyň möhümdigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp hem Fransiýa sapar guramakdan we dabara gatnaşmakdan hoşaldygyny beýan etdi.

Tramp, Fransiýa bilen ABŞ-nyň arasynda adatdan daşary bir gatnaşygyň we güýçli bir hyzmatdaşlygyň bardygyny aýan etdi.



Degişli Habarlar