Eýranda Bilim ministriň wezipesinden çekilmek baradaky arzasy prezident tarapyndan kabul edilmedi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ýurdyň Bilim ministri Muhammed Bathainiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etmändigi mälim edildi

1214363
Eýranda Bilim ministriň wezipesinden çekilmek baradaky arzasy prezident tarapyndan kabul edilmedi

Eýranyň döwlet mediasynyň berýän habaryna görä Bathai, geçen hepde geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyndan soň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny Prezident Ruhana berendigi habar berildi. 

Bathainiň mugallymlaryň aýlyklarynyň berilmezligi we olaryň talaplarynyň hökümet tarapyndan ýerine ýetirilmezligi sebäpli beren arzasynyň Ruhani tarapyndan kabul edilmändigi aýan edildi. 

Ruhaniniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň düzüminde işlän Zähmet ministri Ali Rebii 2018-nji ýylyň 8-nji awgustda, Ykdysadyýet we Maliýe ministri Mesud Kerbasiýan 2018-nji ýylyň 26-njy awgustda mejlisde geçirilen sese goýulşyk bilen wezipelerinden çetleşdirilipdi. 

Transport we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahundi 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda we ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Hasan Gazizade Haşimi bolsa býujetdäki düşünişmezçilikler sebäpli 2018-nji ýylyň 26-njy dekabrynda wezipesinden çekilipdi. 

Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif hem 25-nji fewralda wezipesinden çekilipdi, emma Ruhani onuň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etmändi. 

 



Degişli Habarlar