Ruhani: "Eýran beýik güýçler bilen söweşmegiň tarapdary däl" diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdunyň sebitiň ýurtlary bilen we beýik güýçler bilen söweşmegiň tarapdary däldigini nygtady

1214013
Ruhani: "Eýran beýik güýçler bilen söweşmegiň tarapdary däl" diýdi

Eýranyň Prezident Diwanyndan berilen beýanata görä Ruhani, Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sanini Oraza baýramy bilen gutlamak üçin geçiren telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalaryň üstünde durup geçdi. 

Telefon söhbetdeşliginde döwletlerara gatnaşyklarda howp, gabaw we ykdysady embargolaryň ýalňyş usullardygyny aýdan Ruhani: "Eýran sebitdäki howpsyzlygyny berkitmek isleýär. Eýran, sebitiň ýurtlary bilen we büýik güýçler bilen söweşmegiň tarapdary däl. Eger olar garaşyldamyk ädim etse, töwekgelsiz anyk we puşman etdirji bir jogap alarlar" diýip belledi. 

Eýranyň hökümetiniň Kataryň ýanyndadygyny aýdan Ruhani, Saud Arabystanynyň we BAE-niň Ýemen, Katar we Eýran bilen bolan gatnaşyklarynyň ähli sebit üçin zyýandygyny nygtap: "Sebitleýin meseleleriň harby çözgüdi ýokdyr" diýdi. 

Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani hem Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah Ahmed Jabir el Sabahyň sebitdäki dartgynlygy azaltmak üçin edýän tagallalaryny goldaýandyklaryny belläp: "Eýran bilen Kataryň sebitleýin meselelerdäki pozisiýalary örän meňzeşdir. Iki ýurdyň arasynda dowamly aragatnaşyk bar we bu örän oňyn bir hadysa. Dialog dartgynlygy azaltmagyň ýeke täk ýoludyr" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Katar

Degişli Habarlar