Londonda Trampyň sapary protest edildi

Britaniýanyň paýtagty Londondaky Bakingem köşküniň öňünde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurda guraýan sapary protest edildi

1213400
Londonda Trampyň sapary protest edildi

Bakingem köşküniň öňünde jemlenşen ýüzlerçe demonstrant üç gün dowam etjek Britaniýa saparynyň çäginde Londonda bolýan Trampy protest etdi.

Demonstrantlar Trampyň migrantlara garşy syýasatyny tankyt edýän şygarlary göterdiler.

Gazan, tabak, çürlewük ýaly zatlar bilen seslerini köşke ýetirmäge synanşan demonstrantlar Trampy ýurda çagyran iňlis hökümetine hem nägilelik bildirdi.

Tramp saparynyň şu günki bölüminde Premýer ministri Tereza Meý bilen duşuşar. Duşuşygyň boljak sagatlarynda Londonyň meşhur Trafalgar meýdanynda uly demonstrasiýanyň geçirilmegine garaşylýar.

Demonstrasiýada Zähmetkeşler partiýasynyň lideri Korbinin çykyş etmegi meýilleşdirilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp demonstrantlar bilen gabatlaşmazlyk üçin Londonda barjak ýerlerine dik uçar bilen gidýär.

Britaniýada Trampyň saparyna garşy 2 milliona golaý goluň ýygnalandy, ABŞ-nyň Prezidentiniň geçen ýomus ýurda guran iş saparynda-da 250 müňe golaý adamyň gatnaşmagynda protest edilipdi.



Degişli Habarlar