Putin 44 howa menziliniň adynyň üýtgedilmegi baradaky karara gol goýdy

44 howa menziliniň ady üýtgediler

1212071
Putin 44 howa menziliniň adynyň üýtgedilmegi baradaky karara gol goýdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin 44 howa menziliniň adynyň üýtgedilmegi baradaky karara gol çekdi

Şuňa laýyklykda 44 howa menziline tanymal rus şahslarynyň atlary goýular.

Karara bilen paýtagt Moskwadaky Şeremetowo howa menziline şahyr Aleksandr Puşkiniň, Domodedowo howa menziline tanymal alym Mihail Lomonosowyň, Wnukowo howa menziline bolsa inžener Andreý Tupolewiň atlary dakyldy.

Russiýadaky howa menzillerine goşuljak atlaryn halk tarapyndan kesgitlenmegi üçin geçen ýyl ýurtda sowalnama geçirilipdi.

Dürli ugurlarda ýurda goşant goşan rus raýatlarynyň hatyralaryny ýaşatmak üçin geçirilen sowalnama 5,5 million adam gatnaşypdy.



Degişli Habarlar