Peskow: “Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda Idlib meselesinde düşnüşmezlik ýok”

Dmitri Peskow Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda Idlib meselesiniň çözülmegi boýunça düşnüşmezligiň bolmandygyny aýtdy

1211960
Peskow: “Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda Idlib meselesinde düşnüşmezlik ýok”

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat Sekretary Dmitri Peskow Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda Idlib meselesiniň çözülmegi boýunça düşnüşmezligiň bolmandygyny aýtdy

Peskow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Prezident R.T.Erdogan bilen düýn geçiren telefon söhbetdeşligi barada beýannama berdi.

Iki ýurduň arsynda Idlib meselesiniň çözülmegi boýunça düşnüşmezligiň ýokdygyny beýan eden Peskow: “Şol sebitde hüjümleriň bes edilmegi ýola goýulmaly. Hmeýmim we Idlib bilen birlikde rus esgerleriniň ornaşan ýerlerine hüjümler bes edilmeli” diýdi.

Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ukgamy barada-da durup geçen Peskow: “Şol ylalaşyk dowam edýär we iş ýüzüne geçirilýär. Türkiýe ylalaşyga tabynlygyny birnäçe gezek beýan etdi” diýdi.

Prezident R.T.Erdogan düýn Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Idlibde hüjümleriň dessine bes edilmegini we syýasy çözgüt tapgyrynyň ýaňadandan başladylmalydygyny aýdypdy.

 



Degişli Habarlar