Russiýa daşary ýurtly güýçlere Owganystandan çekilmek barada çagyryş berdi

Russiýa bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasibetli Moskwada maslahat geçirildi

1209681
Russiýa daşary ýurtly güýçlere Owganystandan çekilmek barada çagyryş berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Russiýa bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasibetli paýtagt Moskwada geçirlen maslahata gatnaşdy.

Lawrow maslahatda sözlän sözünde “Russiýa Owganystandaky çaknyşyklaryň harby taýdan çözülip bilinmejekdigine doly ynanýar. Parahatçylyk diňe diplomatiýa arkaly ýola goýlar” diýdi.

Owganystandaky kynçylyklaryň çözülmegi üçin taraplara gepleşik geçirmekleri barada çagyryş beren Lawrow, “Daşary ýurtly güýçlere hem ýurtdan dolulygyna çekilmek barada çagyryş berýäris. Ähli taraplaryň gatnaşmagynda Owganystanky taraplara gysga wagtda gepleşiklere başlamak babatynda çagyryş berýäris” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow, “Owganystanda gysga wagtda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin elimizden geleni ederis” diýdi

Russiýa bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasibetli paýtagt Moskwada geçirlen maslahata, Owganystanyň ozalky Prezidenti Hamid Kerzeýiň ýolbaşçylygynda syýasy wekiliýet bilen Talibanyň wekili Abdul Gani Baradaryň ýolbaşçylygynaky wekiliýet gatnaşdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar