Russiýa Ukrainanyň Prezidentiniň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň ABŞ-e beren Russiýa garşy sanksiýalaryň dowam etmegi bilen bagly çagyryşyna reaksiýa bildirdi

1205381
Russiýa Ukrainanyň Prezidentiniň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Peskow, paýtagt Moskwada, ABŞ-niň Russiýa garşy sanksiýalarynyň artdyrylmagy bilen bagly çagyryşynyň, Ukrainadaky ýagdaýy düzeltmejekdigini belläp: “Sanksiýalaryň artdyrylmagy bilen bagly beýanat, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň ýurdyň günorta-gündogaryndaky meseläniň çözülmegine goşant goşmaz” diýdi.

Zelenskiý, düýn wezipä resmi ýagdaýda başlamagyndan soň, paýtagt Kiýewde eden çykyşynda: “Russiýanyň hereketlerini, Donbassda we Krymda ýeke özümiz çözüp bilmeris. Şol sebäpli goldawyňyza mätäçligimiz bar. ABŞ-e Russiýa garşy sanksiýalaryny artdyrmaga dowam etmegine çagyrýaryn” diýip belledi.

Peskow, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň, Ýaponiýada geçiriljek G20 maslahatynda duşuşyk geçiren halatlarynda, Ýewropanyň energetika howpsyzlygy bilen bagly meseleleri maslahatlaşyp biljekdigini aýan etdi.

ABŞ-niň Energetika ministri Rik Perri, düýn beren beýanatynda, ABŞ-niň hökümetiniň Demirgazyk Akym II taslamasyna gatnaşýan kärhanalara garşy sanksiýalar kararyny gysga wagtyň içine beýan etjekdiklerini habar beripdi.

Jemi gymmady 10 milliard ýewro töweregi bolmagyna garaşylýan Demirgazyk Akym II taslamasy bilen 55 milliard kub metr rus gazynyň Baltika deňiziniň üsti bilen Germaniýa iberilmegi meýilleşdirilýär.

ABŞ, Polşa, Ukraina we Pribaltika ýurtlarynyň gurluşygyna garşy bolan taslamanyň partnýorlarynyň arasynda Gazprom kärhanasy bilen birlikde, Shell, OMV, Engie, Uniper we Wintershall ýaly kärhanalar hem bar.



Degişli Habarlar